wankuwer - okean metropoly
TRANSCRIPT
Wankuwer, Kanadanyň Ýuwaşumman kenarynda, BritanKolumbiýasy ştatynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýänmöhüm port şäheridir.
Geografiýa Wankuwerde bahasyzmümkinçilik döredipdir. Demirgazykda ýerleşmeginegaramazdan Wankuweriň maýylhowasy bar. Çünki daglargündogardan öwüsýän sowukşemallary şähere goýbermeýär, günbatardaky Ýuwaş ummany bolsa şäheriň klimatyny ýumşadýar.
Okean metropoly - Wankuwer
Uly tokaýlaryň eteginde ýerleşensoňWankuwer tokaýçylygyň we kagyzönümçiliginiň merkezine öwrülipdir. Şäheriň beýleki önümleri bolsa aerokosmika, biotehnologiýa wefilm senagatydyr.
Esasanam film industriýasy ösendir. Çünki Wankuwer DemirgazykAmerika kontinentiniň 3-nji uly film merkezi hasaplanýar. Alagaraňkylyk(Twilight) filmi hem şu ýerdedüşürilipdir.
Wankuwer esasy söwda nokady hökmünde hyzmat edýär. Häzir Wankuweriň porty Kanadadaky iň uly port
hasaplanýar we bu ýerde dünýäniň 130 ykdysady güýjibilen alyş-çalyş edilýär.
Wankuwer aýratyn şäher. Plany boýunça dünýäniň beýleki şäherlerindentapawutlanýar. Hat-da onuň bu harakteri Wankuwerizm sözüniň hem döremegine
getiripdir. Wankuwerizme görä söwda merkezleri we edaralar orta uzynlykdakybinalarda ýerleşer. Adamlar bolsa uzyn köp-gatly binalarda ýaşar. Şeýdilse tranzitkoridorlary daralmaýar we tranport sazlaşykly işleýär. Hem-de uly ilaty bir ýere
jemläp topragyň isrip edilmeginiň öňüne geçilýär.
Wankuweriň planly
şäherleşmesi ony
aýratyn şähere
öwrüpdir. Meselem
Wankuwer dünýäniň
iň gowy ýaşalýan
şäherler spisogunda
iň köp 1-nji bolan
şäher. Kanadanyň
adam gürlüginiň iň
köp bolan sebiti.